logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ BALKANABAT HALKARA HOWA MENZILINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, pudagyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

«Türkmenistan» gazeti