logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖWLET BAÝDAGY–ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANY

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet Baýdagy–özygtyýarlylygyň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.