logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna, Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldylar. Bu talyplary Döwlet kitaphananyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen gezelenç gurap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerini synlamak bilen çäklenmän özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edip goýan ýaşlarymyz gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy-öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyk sözlerini aýtdylar.