logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Aşgabat şäheriniň 130-njy mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryny kitaphananyň bölümleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen gezelenç gurnadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda ýaşlar barada şeýle belläp geçýär:” Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegi, türkmen halkynyň mertebesi, baky dowamatydyr” diýen ajaýyp setirlerinden ugur alyp kitaphanadaky gezelenç mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy hem-de olar özlerini gyzyklandyran soraglara jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşan okuwçylar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.