logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri kitaphana gelen ýaş okyjylara bölüm hakynda giňişleýin gürrüň berip, hazynadaky kitaplary gorap saklamagyň düzgünlerini, okyjylara hyzmat etmegiň tertipleri bilen tanyşdyrdylar. Gezelenjiň dowamynda bölümiň işgärleri okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirip, kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplaryň, gazet-žurnallaryň döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada giňişleýin maglumat berip, okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana gezelenje gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.