logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaphana işini çuňňur öwrenmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşyp, “Döwlet kitaphanasynyň taryhy we onuň bölümleri bilen tanyşdyrmak” atly tejribe sapagy gurnaldy.
Çykyş eden kitaphanaçylar Döwlet kitaphanasynyň taryhy, bölümleri we olaryň alyp barýan iş aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdiler. Mundan başga-da kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri, olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary, edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda, kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri: Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem gurnaga gatnaşan talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy. Tejribe sapagyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.