Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýine wirtual gezelenç boldy. Sanly ulgam arkaly guralan bu muzeýiň Mihaýlowskiý köşgine bolan wirtual gezelenji «XII-XIX asyrlarda rus medeniýeti» ady astynda geçdi. Muzeýiň bölüm müdiri Walentina Gorlowa Mihaýlowskiý köşgünde Döwlet Rus muzeýiniň dörediliş taryhyny gürrüň bermek bilen şu ýyl muzeýiň açylanyna 130 ýyl dolýandygyny belledi. Ol muzeýiň zallary we onda sergilenen rus suratkeşleriniň eserleri bilen içgin tanyşdyrdy. Rus çeperçilik medeniýetiniň XII-XIX asyrlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Suratkeşler A.Rublýow, I.Nikitiniň, K.Brýullowyň, I.Aýwazowskiniň, I.Repiniň eserleriniň suratlandyryş usullary hakyndaky gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Şeýle gezelençler geljekde hem yzygiderli guramak meýilleşdirilýär.