logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLETIŇ HABAR BERIŞ STRATEGIK GORY, ÇEŞMESI HÖKMÜNDE KITAPHANALARYŇ BITIRÝÄN HYZMATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kitaphanasy bilen bilelikde «Döwletiň habar beriş strategik gory, çeşmesi hökmünde kitaphanalaryň bitirýän hyzmaty» ady bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynyň has kämilleşmegine uly mümkinçilikler döredilýändigi, iki dostlukly ýurduň kitaphana hünärmenleri kitaphana işinde ornaşdyrylan täze tehnologiýalar arkaly milli medeniýetimizi, taryhymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet etdiler. Çykyşyň dowamynda kärdeşler sorag-jogaplaryň üsti bilen tejribe alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýlup, täze düşünjeleriň ösmegine, dünýägaraýyşlaryň giňelmegine giň mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.