logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWLETIŇ HABAR BERIŞ STRATEGIK GORY, ÇEŞMESI HÖKMÜNDE KITAPHANALARYŇ BITIRÝÄN HYZMATY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynynyň hünärmenleri we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde “Döwletiň habar beriş  strategik gory,çeşmesi hökmünde kitaphanalaryň  bitirýän hyzmaty” ady bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap kamilleşdirilýan kitaphana ulgamynda alynyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi. Aýratynda ýaş nesillerimizde kitap okamaklykda höwesi döretmek we ýaş kitapsöýüjileriň sanyny artdyrmakda ýola goýýan wagyz-nesihat duşuşyklarynyň mazmuny hakynda hem giňişleýin beýan edildi. Elektron kitaphanalaryň ähmiýeti we kitahanalarda elektronlaşdyrmak babatynda gyzgalaňly dowam edýän işleriň onyň netijeleri hakynda hem buýsançly gürrüňlere orun berildi. Çykyşyň dowamynda kärdeşler sorag-jogaplaryň üsti bilen tejribe alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýlup, täze düşünjeleriň ösmegine, dünýägaraýyşlaryň giňelmegine giň mümkinçilikleri döredip beren milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.