logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖWLETLI MEKAN OBASY-WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA SOWGAT

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly birnäçe iri desgalaryň açylmagyna ak pata berdi. Munuň özi Diýarymyzda baş baýramymyzy şanly wakalara, zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşylamagyň asylly däbe öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň«Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmeginiň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şeýle hem olar döwrebap obanyň açylyp ulanmaga berilmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini belläp, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze Döwletli mekan obasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.