logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–ÝAŞLARA GÖRELDE

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki pikir-garaýyşlar, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesilleriň ruhy gymmatlygydyr.

Şundan ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe ýaşlaryň arasynda duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Biz kitaphanaçylar hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerini giň okyjylara ýetirmek esasy maksadymyzdyr.

Çäräniň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserleri giň okyjylara ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.