logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat

2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň we XIX asyr Azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Kitaplar-giň dünýäniň gapysy” atly dostluk sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem-de Döwletmämmet Azadynyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem döwürdeşleriniň gymmatly eserleri, Azerbaýjan Respublikasynyň sungatyny, medeniýetini we edebiýatyny tanyşdyrýan neşirleriň hem birnäçesi ýerleşdirildi.

Halkara hyzmatdaşlygy we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kitaphanalarynda, bilim ojaklarynda, edaralarynda, edebi döredijilik çäreleri ýurdumyzda parahatçylygy, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we medeni mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!