logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döwrebap kitaphanalar - kämilligiň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar – kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.