logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWREBAP KITAPHANALARDA SANLY ULGAMYŇ ÖSÜŞ BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Döwrebap kitaphanalarda sanly ulgamyň ösüş binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly innowasion ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.