logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖWREBAP KITAPHANALAR–KÄMILLIGIŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar–kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik, wepalylyk, ynsanperwerlik, ruhynda terbiýelemekde kitaphanalaryň mümkinçilikleri barha artýandygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň anyk we ylyma esaslanýan başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzdaky kitaphanalaryň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýandygy, şeýle-de kitap hemişe-de gymmatly hazyna hasaplanyp, halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy bolup, kitaphanalar bolsa ruhy çeşmeleriň jemlenen ojagy bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda kitaphanalar ulgamynyň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.