logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖWREBAP KITAPHANALAR–ÝAŞLARYŇ BILIM OJAGY

DÖWREBAP KITAPHANALAR–ÝAŞLARYŇ BILIM OJAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi mynasybetli «Döwrebap kitaphanalar–ýaşlaryň bilim ojagy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kitap neşir etmegi kämilleşdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle-de bu Maksatnamanyň kitaphana ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, kitap neşir etmek işini has-da kämilleşdirmäge, kitaphanalaryň kitap gaznasyny has-da baýlaşdyrmaga, kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we many-mazmunyny has-da ýokarlandyrmaga, uly itergi berjekdigi buýsanç bilen aýdyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaba, kitahanalara hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.