Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda “Döwrüň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy hazyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, kitaphana işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak baradaky birnäçe işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda, kitaphana ulgamynyň işlerini kämilleşmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.