Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýandygyny hem-de Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşan bolup durýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.