logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döwür we elektron kitaphana

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Döwür we elektron kitaphana» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kitaphanalar – medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hem-de halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle–de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanmagy, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.