logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany” ady bilen “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde görnükli atşynaslar bilen duşuşyk gurnady. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä derejesinde beýikligi, olaryň gelip çykyşy, taryhy barada, Gahryman Arkadagymyzyň bedewler baradaky nusgalyk eserleriniň many-mazmuny dogrusynda hem giňişleýin gürrüň berildi.

Duşuşyga gatnaşan myhmanlar bedewleriň şan-şöhratyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.