Ahal welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabyna bagyşlap teleýazgyly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçy hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda halkymyza gymmatly eseri sowgat edendigi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdyp, şeýle kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.