logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri. Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi» atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem- de çeper eserler, türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Sergi bu merkezde dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçirýän çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitap söýüji çagajyklar ertekileri uly höwes bilen okadylar.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar güneşli ülkämizi çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan syzylyp çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.