logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Gurjak teatry hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta we Tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepleri bilen bilelikde “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!” atly çagalar şahyry, çagalar edebiýatynyň halypasy Azat Rahmanowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi ertirlik geçirildi.
Geçirilen edebi ertirlige “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy şahyr Bazar Şalyýew, ýazyjy Goçy Annasähedow, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy şahyr Annaberdi Çoçamanow, Güneş” žurnalynyň habarçysy, şahyr Garahanjar Baýhanow, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň halypa kiyaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, birnäçe çagalar degişmeleriniň awtory, žurnalist Akgül Saparowa, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary tarapyndan Çagalar şahyry Azat Rahmanowyň “Umyt guşjagazy” atly goşgusy esasynda taýýarlanan gysgajyk sahna oýnuny görkezdiler. Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň hüwdi atly goşgusyna sahna oýny hem gyzykly goşgylaryny labyzly okamak çykyş etdiler. Şeýle hem tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary hem öz gezeginde türkmen halk ertekisi “Böwenjik” ertekini sahna esasynda görkezip, arassaçylyk, dostluk-doganlyk häsiýetlerini görkezdiler. Ähli myhmanlar kitaplar hakynda gyzykly gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda göwünleri galkynan çagalaryň dillerinde ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdyldy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!