Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda 48-nji çagalar bagynda “Dünýä dolsyn çagalaryň gülkisi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çagalar bagynda körpelere dünýä dillerindäki “ Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalaryň dünýägaraýyşynyň ösmegine daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar.
Bagtyýar çagalarmyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.