logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄ DÖWLETLERI – BOLGARIÝA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri - Bolgariýa” atly kitap sergisi gurnaldy. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwlet baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy esasynda, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, dostlukly Bolgariýa döwleti bilen hem özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasyna gelen okyjylar hem bu bolgar dilinde gurnalan kitap sergisiniň üsti bilen Bolgariýa döwletiniň taryhy, geografiýasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty bilen giňden tanyşdylar. Bu sergi bölüme gelen okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.