logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dünýä döwletleri – Türkiýe

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisi gurnaldy.
“Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisiniň esasy maksady okyjylary Türkiýe döwletiň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, edebiýaty hem-de syýahatçylyk ýerleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sergide Türkiýe döwletiniň taryhy, geografiýasy, syýahatçylygy, çeper eserleri we ertekileri ýerleşdirildi. Şeýle hem türk ýazyjylaryň eserleri, sözlükler, ensiklopediýalar we suratly edebiýatlar görkezildi. Bu kitaplaryň üsti bilen okyjylar Türkiýe döwletiniň gadymy taryhy, häzirki zaman ösüşi we baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumatlar bilen has içgin tanyşdylar.
Häzirki wagtda ylmy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.