logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÜNÝÄ DURSUN, PARAHATÇYLYK DURSUN

DÜNÝÄ DURSUN, PARAHATÇYLYK DURSUN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Dünýä dursun, parahatçylyk dursun» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda türkmen döwleti, goňşy döwletler bilen ylalaşykda, parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýup ýaşamaga we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi, hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly dünýäde parahatçylykly gatnaşyklaryň kemala gelýändigi, parahatçylyk abadanlykdan, asudalykdan we agzybirlikden başlanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.