logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÜNÝÄ GÖZELLIGINE SOLTAN HALYLAR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Dünýä gözelligine soltan halylar» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Täze taryhy eýýamymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şöhratly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halyçylyk senedi has-da ösdürilýär. Bu günki gün türkmen gelin-gyzlary gadymy, Milli haly senedimiziň täzeden-täze nusgalaryny döredýärler. Şol ajaýyp halylarymyzy döredýän gelin-gyzlarymyza bolsa bu günki gün Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar, hormatly atlary dakylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Haly-halkymyzyň gadymy hem müdümi, owal-ahyr ygrarly sungatydyr» diýmek bilen beýle sungat bolsa elmydama sarpalanmaga, tarypyny belent tutmaga mynasypdyr.

Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de daşary ýurtlylar türkmen halylaryny örän sarpalaýarlar. Milli haly sungatymyz bu günki gün daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere gatnaşdyrylýar. Türkmen halylary halkara sergilerinde daşary ýurtly halyşynaslaryň söýgüsine, ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ululygy boýunça dünýäde iň äpet haly hökmünde «Altyn asyr» atly türkmen halysynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna, türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa ähli türkmenistanlylar üçin juda ýakymlydyr we buýsançlydyr.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp halylarymyzyň asylky şöhratyny dünýä dolduran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.