logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE» ATLY KERAMIKAÇY GELIN-GYZLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 34 ýyllygy ýurdumyz üçin aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda ösüşleri üstünlikli dowam edýär. Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlara bagyşlanýar. Çünki Garaşsyzlyk–diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň we onuň şägirtleri Laçyn Toýlyýewanyň, Jemal Batyrowanyň, Maýa Tejenowanyň, Ogulbahar Annamuhammedowanyň, Patmagözel Atabaýewanyň «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Keramika bu milli sungatymyza aýratyn öwüşgin berýän bezeg önümleriniň esaslarynyň biridir. Bu sungat örän gadymdan bäri adamzat jemgyýetiniň durmuşynda onuň ýaşaýşynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylyp gelýär. Keramikaçylar döredijilik eserleriniň saldamly we nepis bolmagy üçin tebigatyň ösümlik, haýwanat, asman jisimleri we adam keşpleri bilen baýlaşdyrýarlar. Nagyşlaryň çylşyrymlaşmagy, olara tebigat şekilleriniň, adam keşpleriniň, haýwanlaryň çekilmegi, bir işiň ýüzünde kompozision äheňli keşpler toplumynyň ýerleşdirilmegi ýaly usullar häzirki wagtda keramikada has köp ulanylýan usullaryň biridir.

Mugallym Gülara Babaýewa hem öz şägirtlerine keramika sungatyny ussatlyk bilen öwredip, eserleriniň ähmiýetini döredijilik sergisinde beýan edýär. Onuň şägirtleriniň ýiti zehininden dörän sungat eserleri halkymyzyň el senediniň özboluşly beýany bolup, ilimiziň ýürek töründe orun aldy.

Türkmeniň milli halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam edýändigini görkezýän amaly-haşam sungatynyň sergisi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde bu ýörelgäniň gymmatynyň bardygyny bellemek bolar.


Oguljan DAÝYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby