Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işler çuňňur hoşallyga mynasypdyr. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu çäre ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi, gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigi bilen özara deňhukukly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny we bu ýörelgäniň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigini belleýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurtda durnukly ösüşiň esasyny hökmünde medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ähmiýetini berkidýän ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyklar has-da giň gerime eýe boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýärler. Şeýle hem bu gurama bilen dürli taslamalar we bilelikdäki maksatnamalar ençeme üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açyp berýär. Bu çäreleriň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar, konsertler, ykdysady sapaklar, Ýewropanyň milli festiwallary we beýleki köp sanly çäreler iki tarap üçin hem täsirli bolýar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Ýewropa Bileleşiginiň “Gerasimus” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuwlaryň we iş duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, özleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy mynasybetli geçirilen konsert hem bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy. Mukamlar köşgünde guralan bu ajaýyp saz agşamynda Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek, saz äleminiň dürli döwürleriniň kompozitorlarynyň eserlerini ýaňlandyrdy. Konserte dürli ýaşdaky tomaşaçylar höwesjeň gatnaşyp, ussat ýerine ýetirijiniň dünýä belli saz eserleriniň kalplara siňen täsirinden lezzet aldylar. Dabaraly konsertiň dowamynda W.A.Mozartyň 40-njy simfoniýasy, L.Wan Bethoweniň 5-nji simfoniýasy, F.Listiň “Söýgi düýşleri”, F.Şopeniň fortepiano üçin 1-nji konserti, N.Paganiniň №24 “Kapriz” ýaly nusgawy eserler bilen birlikde, K.Debýussiniň “Aý şöhlesi” we Isaak Albenisiň “Tango” ýaly impressionist döwrüniň eserleri hem ýaňlandyryldy.
Konsertiň dowamynda dirižýor Rasul Klyçýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen Döwlet simfoniki orkestri hem Woýseh Waleçek bilen bilelikde konsert eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetiriji ussat sazandalar tomaşaçylara dürli döwürleriň ajaýyp saz keşplerini ýaňlandyrdylar we gyzgalaňly el çarpyşmalar bilen garşy alyndylar. Ajaýyp saz agşamynyň soňunda meýilnamadan daşary Woýseh Waleçek ruhy buýsançly joşguny bilen Beýik Polýak kompozitory F.Şopeniň saz eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň kalbyna siňdi.
Bu konsert, Ýewropa we Türkmen medeniýetleriniň sazlaşygynyň ajaýyp beýany bolup, gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu ýaly çäreler, iki halkyň medeniýetleriniň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine we hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetmegine uly goşant goşýar. Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleri, diňe bir sungat çäresi bolman, eýsem syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam berýän möhüm ähmiýetli forumdyr. Bu günleriň dowamynda geçirilýän dürli duşuşyklar we gepleşikler, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy syýasatynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagyna hem öz goşandyny goşýar. Bu ugurda edilýän tagallalar, geljekde hem dowam etjekdigine we has-da rowaçlanjakdygyna ynanýarys.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Ahmet Jumakulyýew
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji