logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÜNÝÄ NUSGALYKDYR TÜRKMEN ZENANY

DÜNÝÄ NUSGALYKDYR TÜRKMEN ZENANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebi bilen bilelikde «Dünýä nusgalykdyr türkmen zenany» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda sesli okaýyşlary, wagyz-nesihat çäresi we kitap sergisi gurnaldy.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler «Zenan» düşünjesine halkymyz «Ene», «Eje», «Uýa», «Aýal dogan», «Ömürlik durmuş hemrasy» diýen manylarda garaýar. Her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni bellenilende, türkmenistanlylar özleriniň mähriban enelerini, ejelerini, uýalaryny, wepaly ýanýoldaşlaryny bu baýram bilen ýürekden gutlaýarlar. Ýurdumyzda dünýäniň köp ýurtlarynda halkara derejesinde uludan bellenilýän bu baýramçylygyň meşhurlygy hasda artýar. Ýyl-ýyldan zenanlara bagyşlanan baýramçylygyň dabarasy hem uludan tutulýar. Şunuň özi hem türkmen maşgalasynda zenanlara goýulýan ýokary sylag-sarpanyň adamzat jemgyýetiniň iň gowy däplerine mahsusdygyny aýan edýär diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.