logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dünýä syry kitap bilen açylýar» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaplaryň nesilleri kämilleşdirmeklikde tutýan orny we bu ugurda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny kitaphana ulgamyna giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly döwletimizde alnyp barylýan möhüm resminamalar we ajaýyp maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly gymmatly eserleriniň ýaşlary döwrebap terbiýelemeklikde, olaryň öwrenmäge, okamaga bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigi barada hem buýsançly söhbetler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdymyzda kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn kämil bolup ýetişmegi barada giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.