logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde kitap adamyň ruhy dünýäsiniň çyragydyr. Kitap okamak adamy diňe bir sowatly etmek bilen çäklenmän, eýsem ony rahatlandyrýar, özüne bolan ynamyny artdyrýar. Kitap okaýan adam sowatly bolmak bilen duýgularyna erk edip bilýär. Dürli meselelere dogry we çynlakaý çemeleşýär hem-de olary çözmegiň başga ýollaryny gözleýär, ýagny gözýetimini giňeldýänligi barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda dürli ýaşly okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserlerimizi okyjylarymyza ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.