Asyrlar aşyp gelen milli mirasymyz gymmaty egsilmejek baýlygymyzdyr. Medeni we taryhy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklar halkymyzyň dünýä medeniýetini näderejede baýlaşdyryp gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly geçmişine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna, çeper döredijiligine uly hormat goýulýar. Halk mirasy geljekki nesilleriň bahasyny ölçäp bolmajak hazynasy hökmünde aýalyp saklanýar, goralýar we çuňňur öwrenilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-döredijilik topar Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada bolup geldi.
Biziň ylmy-döredijilik toparymyz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, haly, palas dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalarymyz, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar.
Topar bu ýerde deňiz kenarynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Toparyň agzalary haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, ene hüwdüsi, küştdepdi milli tansymyz, onuň gazallary baradaky maglumatlary toplady. Welaýatyň özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlygyny özünde jemleýän folklor çykyşlary hem ýazylyp alyndy.
Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Balkanly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik:
Bal Balkanyň balygy,
Hem tagamly, süýjüdir.
Bizi bagta ýetiren,
Gahryman Arkadagly
Serdarmyzyň güýjüdir.
OGULTÄÇ HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy