Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty geçirildi.
Behişdi be¬dewleri türk¬me¬niň uçar ga¬na¬ty¬dyr. Ahalteke atlary halkymyzda ajaýyp gözelligiň, ýyndamlygyň, wepalylygyň, maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde görlüpdir. Ahalteke bedewiniň gözel keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde aýratyn orun eýeleýär. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirilen «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigine türkmen we daşary ýurtly sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserleri we fotosuratlary bilen gatnaşdylar. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de bäsleşige hödürlenen eserler sergi meýdançasynda görkezildi.
Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary özüniň sungat eserleri bilen ýokary netijeleri görkezdiler.
Ahalteke atlaryny nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri bilen gatnaşyp, ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Patdyk Patdykowyň «Maşgala» atly heýkel eseri bilen ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewa «Türkmen bedewleri» atly haly eserler toplumy bilen ýeňiji diýlip yglan edildi.
Sungat ojagymyzyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gazanan bu abraýly üstünligi ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmekde täze eserleri döretmäge ylham berjekdigi şübhesizdir.
Jemal MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
şekillendiriş sungatynyň taryhy we
nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby.