logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dünýäde iň kämil döredilen eser ene hüwdisidir

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Dünýäde iň kämil döredilen eser ene hüwdisidir» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halk döredijiliginiñ in bir giñ ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriñ biridir.Hakykatdan hem, enäniň ak süýdi bilen ganyňa siňýän hüwdi — dünýäde iň belent Sazdyr, iň belent Eserdir. Ol hiç bir saz guralyna ýetdirmeýän, diňe ýürekden çykyp ýürege ýetýän mukaddeslikdir. Çaganyň ilkinji diňleýän söýgi senasy, gelejege bolan ak arzuwlaryň sarsmaz binasydyr. Enäniň hüwdisi — bütin dünýäniň parahatlygyny, mährini we söýgüsini özüne jemleýän iň kämil sungatdyr. Ol diňe bir çagany ýatyrmak üçin däl, eýsem onuň kalbyna ynsanlygy, ahlak gözelligini guýmak üçin aýdylýan mukaddes senadyr.

Halkymyz ýaş nesli edepli, edep-tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip ýetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. Gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ bu görnüşi aýal-gyzlaryñ çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryñ arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.