Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw–terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar.
Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çagalara “Öwünjeň pälwan” atly erteki okap berildi. Bu bolsa çagalarda örän uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň okamana, öwrenmäne döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.