logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÜNÝÄNIŇ BAR GÖRKI ENEDIR-ENE

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bagynda «Dünýäniň bar görki enedir-ene» atly Halkara zenanlar gününe bagyşlap edebi-sazly ertirligi geçirdi. Eneler ýylgyrsa, dünýä ýylgyrýar. Bahara meňzeş kalby, ýüregi bilen dünýäniň ýüzüne ýylgyryş çaýan mähriban enelerimize, gözel gelin-gyzlarymyza buýsanjymyz, guwanjymyz egsilmezdir. Siz, dünýäsi gülden görkli, zybany bal-şerbetli, ýüreklerdäki ornuny hiç kim dolduryp bilmejek, iň mähriban ynsanlarysyňyz diýip baýramçylyk çäräniň başyny başlap kitaphananyň hünärmeni belläp geçdi. Şu çärämizde körpeje jigilerimizem öz gezeginde goşgular, aýdym-saz tans bilen çykyş etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri baýramçylyga bagyşlap kitap sergisini hem gurnadylar.