logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«DÜNÝÄNIŇ BAR GÖRKI ENEDIR, ENE» ATLY SERGI

«DÜNÝÄNIŇ BAR GÖRKI ENEDIR, ENE» ATLY SERGI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň guramagynda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli, «Dünýäniň bar görki enedir, ene» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşikli sergisi geçirildi.

Sergide, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Çemen Annamuradowanyň “Milli natyurmort”, Hamida Nabiýewanyň “Dileg”, Aýgül Rejepowanyň “Mähribanlarym”, Şeker Halnepesowanyň “Suwperi”, Göwher Hydyrowanyň “Bereket”, Şirin Allakulyýewanyň “Bahar gülleri”, Hatyja Amansähedowanyň “Jana ýakymly owaz”, Arzygül Koşiliýewanyň “Türkmen bedewi”, Sahragül Egenmämmedowanyň “Deňiz guşy”, Laçyn Toýliýewanyň “Halyçy gelin”, Gunça Muradowanyň “Allanyň öýüne salam” we “Magtymguly”, Mähri Çaryýewanyň “Arzuw”, Gülşirin Nutyýewanyň “Gelin”, Jeren Annamuhammedowanyň “Ene”, Gunça Ballyýewanyň “Bagt guşy”, Annasoltan Hojaýewanyň “Geldi ajap zamana”, Nurana Kulladowanyň “Çagaly öý bazar”, Merjen Maksatmyradowanyň “Ene mähri”, Annajahan Garaýewanyň “Ak şäherim Aşgabat”, Ogulşirin Öwezberdiýewanyň “Gülýaka”, Ýazgül Rejepowanyň “Milli gymmatlyk”, Oguljeren Babaýewanyň “Türkmen gyzy”, Maýagözel Muradowanyň “Gelinaljy”, Ogulgül Amandurdyýewanyň “Pyragynyň daga siňen keşbi”, Aýnabat Baýramdurdyýewanyň “Süýji durmuşyň gapysy” ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmeniň mukaddes duýgusy bolan watandarlyk duýgusy, milli peýzažlar, buýsançly taryhymyz, ruhy sütünlerimiz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalarynyň aglabasynda ýagty reňkleriň kömegi bilen durmuşyň ajaýyp wakalarynyň we pursatlarynyň beýan edilmegi sergä aýratyn öwüşgün çaýdy. Sungat eserleriniň ählisinde çeperçilik akymlarynyň sazlaşykly ulanylmagy suratkeşleriň ussatlygyny açyp görkezýär. Sergide ussat suratkeşleriň 297-den gowrak nakgaş, miniýatura eserleri görkezilýär.

Sergä gatnaşan sungat eserleriniň naýbaşylaryna mynasyp orunlary boýunça gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli, «Dünýäniň bar görki enedir, ene» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşiginde baş baýraga Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň direktory Gunça Myradowa “Magtymguly”, “Haka salam”, “Joralar”, “Allanyň öýüne salam”, “Päk söýgi” atly nakgaşçylyk eserleri bilen mynasyp boldy.

I oruna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Aýjahan Babatäjowa “Enar” atly nakgaşçylyk eseri üçin, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa, “Bahar”, “Günebakarlar”, “Kerwen”, “Güýz”, “Gumly gelin”, “Mähirli ojak” atly gobelen eserleri üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Enebaý Annaberdiýewa “Gülýaka” atly şaý-sepler toplumy bilen mynasyp boldular.

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Mahym Atakowa “Çeper eller” atly nakgaşçylyk eseri bilen, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Güljan Şöhratgeldiýewa “Ilkinji ädim”atly heýkel eseri bilen, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Gülnäz Rozykulowa “Çynardan”, “Jereniň suraty”, “Tebigat”, “Amazonka” II oruna mynasyp boldylar.

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Oguljennet Mollaýewa “Narlar” atly gebelen eseri bilen, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Suraý Saparmyradowa “Miras” atly nakgaşçylyk eseri bilen, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Merýem Annamyradowa “Ene hüwdüsi” atly grafika eseri bilen III oruna mynasyp boldular.

Zeminiň ýaraşygy, dünýäň gelşigi owadan zenan suratkeşleriň sungata siňdiren keşpleri has-da sungat akymlarynyň sazlaşygynda üwrelip şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde ajaýyplygy emele getirýärler. Ajaýyplyk biziň durmuşymyzda dowamat-dowamdyr.



Sergi öz işini 10 gün dowam eder