Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi «Dünýäniň kalby–türkmen halysy» atly kitap sergisini gurnady. Bu sergide türkmen zenanlarynyň dokaýan nepis halylarynyň taryhyny beýan edýän ylmy kitaplar, görnükli şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, alymlarymyzyň haly, haly önümleri hem-de haly dokaýan halyçylar barada ýazylan kitaplar öz mynasyp ornuny tapýar. Bu sergi türkmen halkynyň sungatyny çuňňur öwrenmeklikde esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde uly ýardam berýär.
Sergä gatnaşyjylar söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halysyny ylmy tarapdan öwrenmekde, halylarymyzy dünýä tanatmakda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.