Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakyna 76-njy orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Dünýäniň ýedi täsinligi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gizanyň Beýik piramidasy, Wawilonyň asma baglary, Olimpiýadaky Zewsiň heýkeli, Efesdäki Artemidanyň ybadathanasy, Galikarnas mawzoleýi, Rodosyň äpet heýkeli we Aleksandriýanyň maýagy barada gyzykly maglumatlar aýdyldy. Şeýle hem okuwçylara dünýäniň gadymy we häzirki zaman täsinlikleri, olaryň taryhy, ähmiýeti we adamzat medeniýetindäki orny barada giňişleýin gürrüň berildi.
Okuwçylar söhbetdeşlige işjeň gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler we dünýäniň täsinlikleri barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle çäreler ýaş nesliň taryha, medeniýete we dünýä halklarynyň baý mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Söhbetdeşligiň ahyrynda okuwçylara kitap okamaklyga, taryhy öwrenmeklige we medeni mirasy gorap saklamaklyga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.