Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Dürler hazynasy – bossany kitap, döwürleň aýnasy dessany kitap” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy bolan kitabyň, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, kitabyň gymmatly hazyna we bilimiň açary hasaplanýandygy, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň ruhy baýlygyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.