logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«DURMUŞ ALA ÝAZLYKDYR» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY TÄÇMÄMMET JÜRDEKOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GÜRRÜŇDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaş okyjylarynyň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap, «Durmuş ala ýazlykdyr» ady bilen söhbetdeşlik, synyny geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni ussat ýazyjy Täçmämmet Jürdekowyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň many-mazmunynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Täçmämmet Jürdekow Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumuny soňra, Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny tamamlaýar. Birnäçe eserleri daşary ýurt dillerine terjime edildi. Olardan «Gaplaň gerekmi?», «Ody özüňe bas..», «Däliden dogry habar...», «Uly Başlyk», «Garaşsyzlygyň galkyndyran gudraty» atly kitaplary bellemek bolar.

Aýratyn-da ýazyjynyň goja zeminde giňden tanalýan hem-de Hormatlanylýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň terjimehaly bilen baglanyşykly ýazylan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly ajaýyp kitabynda türkmen halkyny gün kibi çoýup ösüşüň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işlerini jemleýän ýazgylar aýdyň şöhlelendirilýär. Ine şeýle ajaýyp kitabyň mazmunynda beýan edilýän taryhy wakalar barada kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetlerimiziň ömri we döredijilik ýoly bilen tanyş bolmaga, öwrenmeklige giň şert mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimi Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.