logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DURMUŞ BIR KITAP ÝALYDYR, ÝYLLAR ONUŇ SAHYPASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Durmuş bir kitap ýalydyr, ýyllar onuň sahypasy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylda bitirilen bimöçber işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler, açylan desgalar sanardan kän. Şu ýyl döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da arty, syýasy abraýy nusgalyk derejä göterildi. Goňşy we uzakdaky döwletler bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen köpugurly çäreler Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde hemişelik Bitaraplyk hukugyna ygrarlydygyny halkara möçberinde subut etdi. Şular hakynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda eziz diýarymyzy bedew bady bilen diňe öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.