Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp «Durmuş kitaby» atly ýubileý konserti geçirildi.
Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, bagtyýar talyplary, halypanyň maşgala agzalary, dostlary gatnaşdylar. Konsertiň başynda kirişli saz gurallaryndan düzülen toparyň ajaýyp saz çalmagy bilen halypa garşy alyndy. Konsertde halypadan tälim alan talyplary dost-doganlyk döwletleriň aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. A.Babajanýanyň «Elegiýa» sazyny Kakajan Hudaýberdiýewiň (tüýdük) ýerine ýetirmeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi B.Durdyýewanyň L.Arditti «Il bacio» aýdymy, kompozitor A.Haçaturýanyň döredijiligine degişli bolan «Wagarşapakskiý tanes» sazlaryna, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde çykyş etdiler. Soňra Atamyrat Nurgeldiýew, W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan «Kemine we kazy» operasyndan Kazynyň ariýasyny, özbek halk aýdymyny Läle Orazdurdyýewa ýerine ýetirdiler.
Konsertde görkezilen ähli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserte gatnaşyjylar sungatymyzy dünýä ýaýmaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Orazbagt ARSLANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyby.