Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitaby bilen tanyşdyryş söhbetdeşlik dabarasy we aýdym-sazly çäre gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ýurdymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär diýip maslahata gatnaşanlar belläp geçdiler.
Ýurdumyzyň Prezidentlige geçirilen saýlawlar 2022-nji ýylyň möhüm taryhy wakasy boldy, ol saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçirildi we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, ony binýatlaýyn gymmatlyklaryň töweregine jebisleşdirmekde Türkmenistanyň alyp barýan ugrunyň mizemezligini aýan etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda halkara sungat festiwallarynyň we konsertleriň yzygiderli geçirilmegi dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy we abadançylygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek, dünýä halklarynyň milli aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmakda bu halkara festiwala we maslahata aýratyn orun degişlidir.
Milli aýdym-sazlar göwünleri, kalplary birleşdirýär, medeni gatnaşyklar halklary bir-birine ýakynlaşdyrýar. Joşgunly aýdym-sazlar halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, milli aýratynlyklaryny çeper beýan edýär. Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse–de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär. Dünýä halklarynyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungaty diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar. Siziň kalbyňyzdan joşyp çykýan şirin owazly aýdym-sazlar Ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadançylygyň belent waspyna öwrülmelidir.
Çärä gatnaşanlar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň, ýaş nesilleriň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerini, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.