logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, bu kitaphananyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň hem-de Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda, “Ýyldyrymdan ýyndamdyr ahalteke atlary” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda gazanylan üstünlikler, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.

Şeýle hem, bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde uly işleri alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.