Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň ömri we döredijiligini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74 -nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen öz ýaşan gysga ömründe milli sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan bagşy Gulbaba Akyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlap, “Dutara örklenen ykbal ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen sungat äleminde yz goýan Gulbaba Akyýewiň halkymyza miras goýan aýdymlary barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde türkmen aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşan ussatlar baradaky gymmatly maglumatlar ýaşajyk okyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz goýan ussatlarymyzyň ömri we döredijiligini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.