Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy bilen tanymal beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» atly IX halkara festiwaly milli medeniýet we sungat ösüş gaznasynyň bilelikde gurnalan «Uruşyň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amala konferensiýasy geçirildi. Bu maslahat Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylana bagyşlandy.
Ylmy-amaly maslahat häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, onlaýn görnüşinde geçirildi. Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” halkara festiwalynyň art-direktory, Russiýanyň we Ýewraziýanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy Mämmet Guseýnow çykyşynda türkmen halk sazynyň halkara derejesindäki ähmiýetine üns çekdi. Açylyş dabarasynyň dowamynda birnäçe saz eserleri ýerine ýetirildi. Türkmen we rus kompozitorlaryň döredijiliginden parçalar ýaňlandy.
Maslahata Türkmenistandan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan onlarça alym sazandalar, suratkeşler hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň her biri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda halklaryň döredijilik we ruhy güýjüniň nähili beýanyny görkezenini öz ugruna görä düşündirdi.
Türkmen alymlaryndan professor Owez Muhammetberdiýew suratkeş Yzzat Gylyjowyň döredijiliginde uruş temasynyň özboluşly beýanyny açdy. Türkmenistanyň halk artisti, Il Ýaşulysy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Atageldi Garýagdyýew bolsa meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlarynyň hatyrasyna” atly wokal-simfoniki poemasy barada gürrüň berip, şol döredijiligiň halk gahrymanlaryna goýlan belent hormaty bardygyny belledi. Şeýle-de ol çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň “Döwlet guşy” romanyndan alnan setirlere kompozitor Kerim Jumagulyýewiň sazyna we esaslanan aýdymy ýerine ýetirdi.
Maýa Kuleýawa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Zulfiýa Jumagulyýewa, Bahargül Ýakubowa, Şemşat Annagylyjowa, Leýla Babaýewa, Gülnabat Ataýewa we beýlekiler Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistanda döredijilik durmuşynyň giňden ösendigini nygtadylar. Olar uruş ýyllarynda döredilen teatr, opera we saz eserleriniň halkyň ruhyny berkitmäge, ýeňşe bolan ynamy güýçlendirmäge hyzmat edendigini aýtdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyşlaryň arasynda wideo görkezmeler, döredijilik çykyşlary we çykyş edenleriň arasynda pikir alyşmalar hem geçirildi. Bu çärede Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň ýatlamalary diňe bir taryhy taýdan däl, eýsem sungatyň üsti bilen ýürekden duýuldy. Maslahata gatnaşyjylar saz, söz, sungat we ylmy pikir arkaly parahatçylygyň we ynsana hormatyň iň ýokary gymmatdygyny belläp geçdiler. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan bu çäre, halklaryň arasynda dostlugy, düşünişmegi we döredijiligi ösdürmäge hyzmat etdi.
Hatyja AKMYRADOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby