Halkymyzyň ajaýyp bir aýtgysy bar: “Düýe maly – dünýe maly”. Düýe: “eýäm hiç haçan ýykylmasyn. Ýykylsa-da paşmagymdan hem ýumşak ýere ýykylsyn” diýermiş. Düýe malynyň häsiýetiniň türkmeniň ruhy ahwalaty bilen, gör, nähili inçe baglanyşygy bar. Hut, şonuň üçin türkmen halkynyň durmuşy düýe maly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmeniň “dünýe maly” diýip atlandyran düýeleri geçmişde oba hojalygynda, esasan hem çarwaçylykda iş maly hökmünde giňden ulanylypdyr. Geçen asyryň ortalaryna çenli maldarçylyk bilen meşgullanýan oba ýerlerinde esasy ýük ulaglarynyň biri düýeler bolupdyr.
Düýesi bolan maşgala gurply hasaplanypdyr we özüni ýörite tebibi bar ýaly duýupdyr. Çünki düýäniň süýdi, çaly, agarany jana ýokumly, derde şypaly. “Düýe malynyň yrýa zady ýok” diýlişi ýaly, onuň derisinden çaryk, çokaý tikipdirler. Düýäniň ýüňi mukaddes hasaplanýar. Halkymyzda “düýe ýüňüni aýak astyna düşemeli däl” diýen berk düzgün saklanýar. Düýe maly her ýylyň maý aýlary bir gezek gyrkylýar. Düýäniň ýüňüni gyrkybam alýarlar, el bilen sypalap hem alýarlar. Onuň daraklap alnyşy hem bar. Köşegiň ilkinji gyrkymyna “torum gapdaly” diýilýär. Düýäniň ýüňi ýumşak hem owadan bolansoň, ondan agarçäkmen, aýal hem erkek guşaklary, saçaklyk ýaly zatlar dokalýar. Çäkmen üçin torumyň örküjiniň iki gapdaly daraklanyp alynýar. Düýäniň ýüňüni gyrkyp almasaň özi gaçýar, diňe gyllawy galýar. Eger düýäniň ýüňi daraklanyp alynsa, onuň hili ýokary bolýar. Öňki wagtlarda aýal maşgalalarda ýedi gat aýlanýan guşaklar bolupdyr. Ol bili gös-göni saklaýar. Düýe ýüňünden edilen guşagyň böwrege, bil oňurga peýdasy köpdür.
Düýe: “Süýdümi bişirme, ýüňümi aýagyňa düşeme” diýipdir. Şonuň üçin türkmenler düýäniň ýüňünden aýak astyna düşelýän düşek etmeýärler. Süýdüni bişirmän içýärler. Düýe selin, selme, şora, çeti, ýandak ýaly otlary iýýär. Düýe maly bir hepde, on gün töweregi suwsuz gezmäge ukyplydyr. Düýe topragy süýji ýerlerden ot iýse, onuň süýdüniň tagamy has süýji hem-de dermanlyk ähmiýeti uly bolýar. Düýe öwreden gylyklaryňy tiz kabul edýär. Şonuň üçin düýä turuwbaşdan gowy gylyklar öwretmeli. Eger-de düýe haýsydyr bir ters hereket edýän bolsa, oňa eýesiniň bigeleňligi ýa-da biperwaýlygy sebäpdir. Gündogarda Lukman Hekim adyny alan Ibn Sina: ”Men giňligi hem irginsizligi - şol bir hereketi yzygider gaýtalamagy düýeden öwrendim” diýer eken. Düýe maly duýgur, akylly, ýatkeş, düşbi, uzak ýollary geçýän, sowuga-yssa, suwsuzlyga çydamly güýçli mal. Düýe ýatkeş bolýar. Ol başga oba satylsa, birnäçe ýyldan hem öňki obasyny tapyp bilýär. Düýe gözüne ýaş aýlasa bir zadyň alamatydyr. Ony urmaly däl, urulsa otuny hem iýesi gelmeýär. Düýe endik eden hereketlerinden birbada el çekmegi gaty kyn görýär. Şonuň üçin düýäniň ýatagy üýtgese-de, otuny iýesi gelmeýär. Düýe uzak aralykdan hem öňki ýatagyny päsgelçiliksiz tapyp bilýär. Düýe maly eýesiniň gapysyna gelende-de töweregine garanjaklap gelýär. Eger-de gapynyň öňüne taýak ýa-da ýüpden germew etseň, şol germewi aýyrýançaň garaşýar. Aýranyňdan soň girip, öz ýatagyna sowulýar. “Çök” diýseň çöküp, “çüw” diýseň turýan düýelere baş öwretmek hem irginsiz zähmeti we düýe malyna bolan hormaty talap edýär. Eýesiniň hereketlerinden öwrenip, ugramaly ugruny, ýöremeli ýoluny, barmaly ýerini, aýlanmaly örüsini, gaýtmaly wagtyny anyk bilýän bu keramatly malyň düşbidigine haýran galaýmaly. Uzak aralyklara ýol aşmakda düýä taý gelýän ulag ýok. Şeýle hem halkyň içinde gadymdan bäri diýilýän gürrüňe görä, eşek “men üstümde oturany ýyksam, toýnagymdan hem gaty ýere ýykaryn”, düýe bolsa, “men üstümde oturany tötänlikde ýyksam hem, dabanymdanam ýumşak ýere ýykaryn” diýenmiş.
Ogultäç Hojanazarowa,
Maddy däl medeni miras müdirligi.